Beýik geljege sary batly gadamlar (Ýaş žurnalistiň sözi)

1 Dekabr 2021
1074

Halkyň bagty onuň ýüreginde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagynda diýilýär. Hut şu babatda, ata Watanymyz Türkmenistan hem «Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy» diýen jümläniň sözüň doly manysyndaky eýesidir. 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýurdumyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti-de halkymyzyň röwşen bagtynyň kepili, ykdysadyýetimiziň güýç-kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsan duýgularynyň içinde tükeniksizi bar bolsa, onda ol isleg duýgusy bolmaly. Dünýä döräli bäri bu şeýle. Ilkidurmuş jemgyýetiniň önümi bolan owunjak daşdan, agaçlardan edilen zähmet gurallaryndan başlap, häzirki zamanyň ösen tehnikasyna, innowasion tehnologiýalaryna, ýylyň dört paslynda hem elýeteriňde bolan miweleri öndürýän ýyladyşhanalara çenli geçilen ýolda ýetilen sepgitler diňe ynsan islegleriniň çäksizligindendir. Diýmek, bir ýerde ösüş bar bolsa, ol hökmany suratda ýokary islegiň netijesidir.

Maksatmyrat ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».