Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyk

2 Dekabr 2021
1319

Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP-niň MK-nyň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar.

Komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag hem-de logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Energetika, ulag we söwda ulgamlary ikitaraplaýyn däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Taraplar ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda, ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň möhüm şertidigini bellediler. Komitetiň mejlisiniň dowamynda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan-da, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ösdürilmegi, özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Ylym we bilim ulgamyndaky taslamalar, şeýle-de saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.