Gözelligiň, agzybirligiň dabaralanmagy
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýunyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy täzeden dikeltmäge, baýramçylyklarymyzy dabaraly bellemäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmeniň dabaraly bellenilýän baýramçylyklarynyň esasylarynyň biri hem Milli bahar baýramydyr. Bu baýram dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.