"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Soltan jelaleddiniň Hindistandaky hökümdarlygy

Kitaplara sünnälenen taryhy wakalar, hakydalara ornan hatyralar, setirlere siňen ýatlamalar milletiň ykbal ýoly bilen bagly bolsa, üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçýändigine garamazdan, hemişe dek düýn bolan ýaly göz öňünde janlanýar. Taryh asmanyny bezeýän türkmen şahsyýetleri nesilleriň aňynda watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hiç zatdan heder etmezligiň, kynçylyklary aýgytly ädimler bilen ýeňip geçmegiň göreldesi bolup ýaşaýar. Taryhy eserleriň nagşyna öwrülen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde mertlik hakda söz açylýan ýerlerde ady buýsanç bilen tutulýan gahryman serkerde soltanlarymyzyň biri hem Jelaleddin soltandyr. Dürli döwürlerde ençeme dillerde dünýä taryhçylary tarapyndan Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň taryhy, onuň hökümdarlarynyň ömür beýany, döwletiň syýasy-ykdysady, ylym-bilim we medeni durmuşy öwrenilse-de, ählitaraplaýyn we çuňlaşdyrylyp az öwrenilen ugurdyr. Horezmşalar-Anuşteginler döwleti yslam äleminiň ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu döwlet Beýik Seljuklar döwleti synyp, onuň mirasdüşeri hökmünde syýasy arena çykandan soňra Mawerannahry, Horasany, Kermany, Sistany, Gaznany we Yragyň käbir ýerlerini özüne birikdirip, XII-XIII asyrlarda diňe sebitde däl, eýsem, Gündogarda iň uly döwletl

Ussat kinorežissýor

Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak ynsanyň tebigatyna mahsus häsiýet. Aýratynam, öz kärinde ussatlyga ýeten ynsany ýatlamak. Döredijilik adamy bolsaň-a, geçen durmuş ýoluňa täsir eden adamy — ussady ýatlamak has hem ýakymly. Sebäbi teatr, kino sungatynda üstünlik gazanmagyň onlarça adamlara, aýratyn hem halypalaryňa, kärdeşleriňe bagly bolýandygyny hökman bilmek we bellemek gerekmikä diýýärin. Islendik sahna eseri ýa-da kino eseri bolsun, tapawudy ýok, ol birnäçe sungatlary birikdirip bitirilýän eser bolýar. Şeýle-de bolsa, onda režissýoryň işi şol sungatlary biri-birine nepis baglap, zergäriň zynjyr düzüşi deý bir sapaga düzmekde bolýar eken. Ol bolsa ussatlardan tälim alan režissýorlara başardýan irnik iş we zähmetden başga-da kän başarnygy talap edýän iş. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle režissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowdyr. Aktýor hökmünde-de bu halypa režissýory diňe bir kinodyr teatr işgärleri däl, eýsem, kino muşdaklary hem ýagşylykda ýatlaýarlar. Her bir döredijilik işgäri öz döreden eserleri bilen halkyň aňynda galýar we ýatlanylýar.

Zülmaýy barmaklar

Obamyzda nika ýüzügini barmagyna dakman, boýnundan asýan diňe Göwher gelnejem. Onuň näme üçin şeýdýändigini men bilýän. Ol ömrüni haly dokamaga bagyş eden zenanlaryň biri. Şonuň üçin iller, onuň dokan halylaryny gowy görýärler. Men bolsam onuň özi hakdaky gürrüňlerini gowy görýärin. Gyzlar, adatça ese-boýa galyp ugranyndan el işlerine meşgul bolsa-da, dokma esliräk bolansoň münýärler. Göwher gelnejem bolsa başga gyzlardan tapawutlylykda heniz has kiçikä dokma dokamagy öwrenipdir. Şondan bärem onuň bir eli dokmada. Özi-de, ökde halyçy. Töwerekde onuň bilen bäs edip biljek ýok diýerlik.

Marguş rowaýatlary

Döwletmyrat Jumadurdyýew bilen tanşyp, ýegre dostlara öwrülmegimize ikimiziňem çeper edebiýata gadyr goýmagymyz sebäp bolan bolsa gerek. Ýogsam biziň okaýan ýokary okuw mekdebimiz birem bolsa, okaýan ugurlarymyz aýry-aýrydy. Biz geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okapdyk. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlandan bäri mugallymçylyk edýär. Häzirki wagtda Garagum etrabyndaky 18-nji orta mekdepde mugallym bolup, ýaşlara bilim hem terbiýe berýär. Döwletmyrat galamyny seýregräk işledýänem bolsa, onuň ýazýan zatlarynda okyjynyň nazary bada-bat eglenýär. Soňky döwürde mugallymçylyk işini gum içindäki çarwa obasynda dowam etdirmegi bolsa, çarwa durmuşyna degişli köp sanly milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamaga şert döretdi. Muňa onuň gazetlerde çap edilýän miras gymmatlyklary şaýatlyk edýär.

Şygryýet bossany

Ak şäherim Aşgabat Sözleri: Gurbanguly BerdimuhamedowyňkySazy: Kerim Berdimuhamedowyňky

Habarlar

1-nji mart. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­tyn­da paý­tag­ty­my­zy hem-de we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ga­ral­dy. 3-nji mart. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da 2021-nji ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, h

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk owazlary  Oguz hanyň: «Ser bererin, ýer bermen» Diýip galkyşy sen, Garaşsyzlygym. Sähra deý giň, daglar kimin edermen, Ýeňişli ýol geçen Garaşsyzlygym.

Şygryýet bossany

Arkadag Arasynda zemin bilen asmanyň,Giň äleme belli bagy-bossanyňGujagynda ajap Türkmenistanyň,Çawuň ýaýyp dumly-duşa, Arkadag,Uzak ýaşaň,Uzak ýaşaň, Arkadag!

Şygryýet bossany

Eziz Arkadag Parahatlyk, ynanyşmak bagtdyr, Giň dünýä jar etdi eziz Arkadag. Aýdyň edip türkmenleriň ýoluny, Belent sepgitlere ýetdi Arkadag.

Şygryýet bossany

Watan Watanymdyr meniň janym-jigerim,Watanymdyr meniň damarda ganym. Mukaddesdir bize mährem topragyň,Seniň bilen bagly pikirim, aňym.

Reňbe-reň gül açýar ýaşyl ýaýlasy

Kä­bä­me de­ňe­ýän ene top­ra­gym, kyb­la­ma de­ňe­ýän ata Wa­ta­nym! Dün­ýä ine­nim­de jä­gil­däp se­si­mi ýaý­la­la­ry­ňa siň­di­re­nim, sež­de­gä­him eziz Di­ýa­rym! Siz hak­da pi­kir ede­nim­de, kal­bym heý­ja­na gel­ýär. Onu­ňam öz se­bä­bi bar. Sa­byr­ly­lyk, pa­ra­sat­ly­lyk, mer­di-mer­da­na­lyk, gaý­duw­syz­lyk, ar-na­mys­ly­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ba­tyr­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň säh­ra için­de çar­wa­dar­çy­lyk, meý­dan­la­ryn­da daý­han­çy­lyk edip, iýen çö­re­gi­ni ha­lal­lyk bi­len ga­za­nyp, şu gü­ne, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýe­te­ni­ne, ak gö­wün­li, yn­san­per­wer, he­ma­ýat­kär bo­lan­soň ýol­la­ry­nyň açyk, iş­le­ri­niň ro­waç bo­la­ny­na buý­sa­nyp, aňyr­sy­na çy­kar ýa­ly däl. Ene-ma­ma­la­ry­myz ýaş­ly­gyn­dan ne­sil­le­ri­ni öý iş­le­ri­ne wer­ziş edip, ola­ra mil­li ýö­rel­ge­le­ri, edim-gy­lym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň düz­gün­le­ri­ni öw­re­dip, asyl­ly, edep­li, zäh­met­sö­ýer, oja­gy­na we­pa­ly, ar-na­mys­ly duý­gu­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak iş­le­ri et­d

Parahatçylygyň we sungatyň sazlaşykly beýany

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama beýleki halklar bilen parahatçylykly ýaşamagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Muny tassyklaýan deliller bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzyň gatlaryna göz aýlanyňda az däl. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belläp geçjek «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hakynda gürrüň etmek has-da ýakymly. Halkymyzyň goňşy we alys ýurtlara tarap uzaýan dostluk ýollary barada gürrüň berýän dürli eserler, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de ýetik. Olaryň biri-de köp milletiň wekilleriniň ýüreginde baky orun alan meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylyk ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, milli sazynyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk, hoşniýetlilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza peşgeş beren «Parahatçylyk sazy

Türkmeniň seýisçilik sungaty

Ata-babalarymyz atlary seýislemegiň inçe tilsimlerini tapypdyrlar. Şondan bäri halkymyzyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli bolup, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bedewleri ösdürip ýetişdirmek kämilleşdirilip gelnipdir. Taryhy ýazgylara görä, goňurdepeliler bürünçden, kümüşden we faýandan ýasalan tüýdügiň owazyna jemgyýetiň asylzadalaryna niýetlenen bedewleri seýisläpdirler. Tüýdügiň owazy hoşuna gelip, bedew toýnak urşuny üýtgedipdir. Türkmenleriň öz bedewini eý görşi, olary seýisleýişleri üýtgeşik bolupdyr. Seýisçiligiň tilsimlerini kämilleşdiren ussat seýisler öz bedewlerine ykballaryny baglapdyrlar. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan bu dostluk daşary ýurt alymlaryny gyzyklandyrsa, halk arasynda olar barada dürli rowaýatlar, tymsallar döräpdir. Şeýle tymsallaryň biri Beknazaryň dor bedewleri hakyndadyr. Bu bedew barada şeýle bir rowaýat halkyň arasynda häzire çenli ýaşap gelýär. Ady äleme dolan bedewi bir gün galtamanlar ogurlaýarlar. Onuň seýsi altmyş ýaşly Beknazar tutuş zehinini, ömrüni atyny seýislemäge bagyşlaýar. Galtamanlar bedewini ogurlap gidenlerinden soň, Beknazar seýsi gaýgy basýar, bedewini tapmagyň ýollaryny gözleýär. Dor atam gaýga batyp, iýmden, suwdan ýüz dönderýär. Bedewiň gün-günden horlanyp barşyna dözmedik ga

Ykdysady ösüşiň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir.

Saglyga ýar, salamat arzuwly aşgabat!

Asyrlara arka diräp, gözel Aşgabat şäheri ençeme heňňamlary başyndan geçirdi. Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän paýtagt şäherimiz owadan hem-de döredijilikli başlangyçlaryň badalga alýan döwrebap şäheri hökmünde dünýäde giňden meşhur bolýar. Eziz Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatlylygynyň üpjün edilmegi babatda iňňän köp alada edýär. Onuň netijesi bolsa, 140 ýyllyk taryhly şäheriň sportuň, medeniýetiň, ylmyň, işewürligiň merkezi diýen juda jaýdar häsiýetlendirmelerinden aýdyň görünýär. Bir tarapy Köpetdagyň belent gerşi, beýleki bir tarapy Garagumuň çägelikleri bilen jäheklenen paýtagtymyz tebigatyň iň sapaly künjeginde ýerleşýär. Şäherde amala aşyrylýan özgerişler adam eli bilen döredilen ajaýyplyklaryň tebigy gözellikler bilen sazlaşygyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň gönüden-göni aladasy bilen şäher Gündogaryň iň bir meşhur şäherleriniň biri bolup lowurdaýar. Aşgabat

Şygryýet bossany

Buýsanýan Bu dünýäde ýeke-täk, bagtymyzyň şäheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.Asmany tylla nurly, ak süýt kimin säheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.

Söz şalygynyň ägirdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýä äşgär etmäge giň mümkinçilik döredildi. Aslynda, türkmen halky edebi we medeni gymmatlyklara baý halk. Dünýäniň umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi hasaplanylýan, ýokary terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýan taryhy, edebi we ruhy gymmatlyklarymyz ýaş nesli terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda ýol görkeziji mekdep bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen hem baglydyr. Häzirki döwürde beýik şahsyýetlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna, bitiren hyzmatlaryna mynasyp baha berilýär.

Şygryýet bossany

Watan Juwan göwnümiň karary,Janymyň aramy Watan.Göwünlerimiziň aramy, Jigermiň parasy Watan.

Şygryýet bossany

«Bathyz etýudlary» goşgular toplumyndan Bathyzyň bahary

Şygryýet bossany

Türkmenistan Owazaň dagdan aşaÝaşa sen, Türkmenistan!Urup gadamy joşa--joşa sen, Türkmenistan!