"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Manyly ömür

Ol ýadamany-ýaltanmany bilmezdi. Kynçylygyň öňünde göwnüçökgünlik edýän, ruhdan düşýän adamlaryň hilinden däldi. Ol hakyky mugallymdy, islendik meselede maslahat bermäge çalşardy. Adamyň psihologiýasyndan oňat baş çykarardy. Gürrüňdeşlikde derrew seniň bir zatlardan ynjalyksyzlanýandygyňy aňardy hem-de degşip, göwnüňi götermek üçin gyzykly bir zatlar hakynda gürrüň ederdi-de, yzyndanam hezil edip gülerdi. Kiçigöwünlidi, kiçi bilen kiçi ýaly, uly bilenem uly ýaly gürleşerdi. Ol özüniň bütin ömrüni Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş neslini döwrebap adamlar edip ýetişdirmäge we pedagogika ylmyny ösdürmäge bagyşlan mugallymdy. Şeýle adamkärçilikli sypatlary özünde jemleýän mugallym, pedagogik ylymlarynyň kandidaty, dosent Şamyrat Haljanow 1935-nji ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda eneden dogulýar. Şol wagtlar uzak obalarda doglan çagalaryň ýazgylary talabalaýyk ýöredilmänsoň, «Ejem pahyryň aýtmagyna görä, men 1934-nji ýylyň bahar aýynda, tutlar pyntyklaberende doglupdyryn» diýip, Şamyrat aga ýatlardy. Bu barada «Tutlar pyntyklanda» atly hekaýasynam ýazypdy.

Alp Attila

Ömür beýany VI

Döredijilik älemi hakda oýlanmalar (es­se)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda) 4. Gündogar edebiýaty, medeniýeti, sungaty ýaşlykdan Gündogaryň beýik şahyrlarynyň iň gowy eserleri bilen, tutuş Gündogara ýaýran halk döredijiligi bilen tanşan Magtymguly üçin deňsiz-taýsyz ylham çeşmesine, gudratlar dünýäsine, döretmek üçin umman ýaly keşpler toplumyna öwrülipdir.

Terjimeçilik sungatynyň naýbaşy nusgalary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr». Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan her bir adamyň hem kalbynyň törüne aralaşyp, özüni gozgalaňa salýan meselelere jogap tapmaga mümkinçilik berýär. Beýik şahyryň goşgularyny dürli dillere terjime etmegiň bolsa bu işde ähmiýeti örän uludyr. Terjimeçilik işi düýpli we çuňňur meseleleriň çözgüdini öz içine alýan sungatyň bir görnüşidir. Bu gadymy käre eýe bolmak isleýänlere niýetlenen onlarça neşir edilen kitaplar we ylmy derňewler bellidir. XXI asyrda maglumatlar giňişliginiň, halklaryň, döwletleriň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklaryň ösen döwründe terjimeçiniň käri gerekli hasaplanýar we terjimeçileri taýýarlamak meselesine uly üns berilýär.

Türkmen çagalar edebiýaty Garaşsyzlyk eýýamynda

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň kämillik menzillerinde çagalar edebiýatynyň öz mynasyp orny bardyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalar üçin döredilen eserlerde milliligem, döwrebaplygam, edep-terbiýe hem çuňňur beýanyny tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýan bagtyýarlyk döwrümiziň ruhunda ýaş nesle terbiýe bermek meselesi döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň perzendine — nesil dowamatyna garaýşy barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir». Şu nukdaýnazardan ata-babalarymyzyň «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän pähiminden çen tutsak, şol aladalaryň içinde iň ileri tutulýanlarynyň biri hem edep-terbiýedir.

Dutara dil bitiren halypa

Saz adam kalbynyň iň näzik duýgularynyň saz kadalarynyň laýyk tertipleşdirilen belli bir yşky-liriki, tebigat, gözellik ýaly, adam kalbyny heýjana getirýän wakalary owaz üsti bilen beýan edýän gudrat. Ondan lezzet almak daş- töwerekdäki bolup geçýän wakalary duýup bilýän ýa-da ony duýmaga ymtylýan adamlar üçin ýeňil bolýar. Bu gudratyň erkini ele almak üçin sazanda ylahy zehin, zähmet, joşgun, kärine bolan tükeniksiz söýgi zerurdyr. Biziň gürrüňini etjek bolýan ussadymyz durmuşda saýhally, salyhatly, sabyr-kanagatly sazanda Çary Täçmämmedow. Ýöne onuň dutaryny eline alandan soň edýän çalasyn hereketleri, dutardan alýan owazlary, dutar bilen bitewüleşip, bir owaz toplumyna öwrülişine haýran galýarsyň. Ol ussatlardan tälim alyp, saz ýerine ýetirijilik sungatynda öz ýoluny tapan ägirtleriň biri.

«Artist bolmak aňsat däl»

Teatryň esasy agramly ýüküni-keşigini çekýän artistler bolýar. Şeýle artistler bütin düýrmegi, on iki süňňi bilen özüne ynanylan keşbiň dünýäsine girmegi başarýarlar. Olar durmuşyň her hili wakalarynyň içine tomaşaçyny yzyna tirkäp alyp gidip, öz ýüregindäki pikirleri olaryň aňyna guýýar. Elbetde, şeýle gahrymanyň keşbini döretmek ýeňil däl. Onuň üçin artist durmuşdaky her hili adamlaryň gylyk-häsiýetlerine, özüni alyp baryşlaryna belet bolmaly. Artist durmuşdaky adamlary içgin synlamagy başarmaly. Köp kitabyň sahypalaryny dörmeli. Oýundyr kinolaryň gahrymanlaryndan sapak almaly. Durmuşda şu ugurdan tejribe toplan şeýle artist ynanylan keşbiň üsti bilen tomaşaçyny gepi-sözi, hereketi bilen özüne maýyl etmegi başarýar. Şeýlelikde, oýnuň başyndan ahyryna çenli tomaşaçy: «Bu gahryman durmuşda sataşan şeýle pursatlardan indi nähili baş çykarka? Özüm şol gahrymanyň deregine hereket etmeli bolsam näme ederkäm?» diýen ýaly soraglary özüne berip tolgundyryjy pursatlary başdan geçirip oturýar. Oýnaýan keşbiniň geýimine girensoň özüni unudyp, täze bir adamyň keşbinde şeýle ynandyryjy oýnamagy başarýan artistleriň biri hem 1991-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işläp gelýän Muhammettirkiş Rüstemowdyr.

Taryha giren dutar ussasy

Ömrüni sungata bagyşlap, öçmejek yz galdyran belli ägirtler halkyň aňynda baky ýaşaýarlar. Gelenje ussa-da şolaryň biri. Geçen asyryň başlarynda Gelenje ussanyň at-abraýy Mary sebitlerinde örän giňden ýaýrapdyr. Şeýle bolansoň her bir bagşy-sazanda Gelenje ussanyň ýasan dutarynda saz çalmagy arzuw edipdirler. Gelenje ussa haýsy tutdan nähili sesli dutaryň çykjagyny, ony ders bilen çygly ýere gömüp goýmak, erik agajyndan dutaryň sapyny ýasamak ýaly inçe syrlary özüniň halypalaryndan öwrenip, ony has hem kämilleşdiripdir. Onuň ýasan dutarynyň kädisiniň görnüşi özboluşly bolupdyr. Şol görnüşini saklamak bilen kädisiniň içini belli bir derejede köwüp, ondan örän täsin owazy almagy başaran ussa dutar kädisiniň daşyny kyrkgünlük gawunyň daşy ýaly şekilde ýasapdyr. Şeýle owadan dutary ýasansoň, her bir bagşy-sazanda onuň dutarynyň gözleginde bolupdyr.

Yhlasly zähmet — üstünligiň açary

Meniň Nuretdin Nyýazow bilen ilkinji tanyşlygym 2004-nji ýylyň güýzünde bolupdy. Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde işe başlan ilkinji günlerimiň birinde Nuretdin aga zähmet çekýän muzeýimize gelipdi. Ol muzeýe birnäçe surat eserlerini sowgat hökmünde getiripdi. Aslynda görüp otursam, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň çeperçilik-bezeg işlerine zehinli suratkeşiň zähmeti siňen ekeni. Zehinli suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Nuretdin Nyýazow ömrüni sungata bagyşlan adamlaryň biri. Ol sungat ugrundan ilkinji bilimini Täjigistanyň Duşenbe şäherindäki şol wagtky respublikan çeperçilik uçilişşesinde alypdyr. Ony tamamlandan soňra 1974 — 1980-nji ýyllarda Kerki şäherindäki orta mekdepde mugallym bolup işläpdir. 1975-nji ýyldan bäri ol dürli sergilere gatnaşyp gelýär.

Ömür ýolunyň ýazgylary

Ömürler menzil-menzil. Şol menzilleriň her öwrüminde, käte her ädiminde hemişe ýada düşüp duran ahwalatlardyr wakalar bolýar. Ol hemme adamda-da şeýledir. Sebäbi bu dünýä gelen ynsan diňe özi üçin ýaşanok. Çünki ömrüňi manyly geçirjek bolsaň, ilki bilen «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen gadymy ýörelgä uýup ýaşamaly. Ynsanyň yzynda ýagşy at galsa ýagşy! Gadymy kitaplaryň birinde aýdylyşy ýaly, «Atadan perzentlere galýan iň uly baýlyk — abraý-mertebedir. Sebäbi abraý-mertebe tükenmeýän, asyrlara aşyp gidýän baýlykdyr». Ynha, mähriban Watanymyz Türkmenistan 30 ýylyň içidir Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy-geografik kartasynda mynasyp orny eýeleýär. Onsoň ömür ýoluňa ser salýaň-da, «Eýsem, men bu ýurduň suwuny içip, duzuny iýip, şu özgerişliklere nähili goşant goşdumkam, il-halkyň öňünde bitiren işlerim, eden hyzmatlarym heý, ýüze tutarlyk barmyka?!» diýip oýlanýarsyň. Bu adaty ýagdaý. Adam ömrüň paýawyna ýetiberende öz ynsabynyň öňünde hasabat berýär. Şonda: «Beh, men ençe gary depelän, ýagşyny-ýamany gören, özgelerden birki sanaç uny köpräk iýen adam hökmünde häzirki nesillere durmuşymdan gürrüň berere, öwüt-ündew edere tutarygym bar eken-ä» diýseň, türkmen aýtmyşlaýyn, «içiňi dökseň» ýa

Başymyň jygasy başgabym

Türkmen halkynyň milli başgaplary asyrlar dowamynda kämilleşdirilip, sungat derejesine çenli ösdürilipdir. Silkme telpekler milletiň ýüzi hökmünde dünýäde tanalýar. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» kitabynda «Telpek» sözüniň «Telper» sözünden (köki «Telp») emele gelendigi nygtalyp geçilýär. Taryhymyza ýüzlenenimizde telpegiň örän köp görnüşleriniň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Mysal üçin, şempa telpekleri arassa, dury ak reňkli bolupdyr. Şeýle hem goňur altynsow öwüsýän sur telpekler gymmat bahaly baganadan tikilipdir. Mundan başga hem Buhara telpegi, çopan telpegi ýaly telpegiň görnüşleri bolupdyr. Käbir türkmen taýpalarynyň geýýän telpeklerinde hem tapawutly aýratynlyklaryň ýäze çykandygyny bellemek gerek. Mysal üçin ärsary türkmenleriniň arasynda gyýtyk tüýli derilerden tikilen çöwürme telpekleri giňden ýaýrapdyr. Türkmen aganyň başyny bezäp gelen telpek hysyrdyly we irginsiz zähmetiň netijesinde taýýarlanypdyr. Şol sebäpli telpek ussalary il içinde uly hormata eýe bolupdyrlar. Derini saýlap almak, ony dürli usullar arkaly eýlemek we biçüwini amala aşyrmak ýaly inçe senet işleri telpekçi ussalaryň mydama gözlegde bolmagyny we hünärini yzygiderli kämilleşdirmegini talap edipdir. Synçy ata- babalarymyz adamynyň h

Paýhasly dürdäneler

Ata-babalarymyzyň, akyldarlaryň bize goýup giden edebi gymmatlyklary bahasyz gymmatlyk. Olar her bir kişini ýagşylyga çagyrýar, durmuş ýolunda halal ýaşamagy ündeýär. Paýhasly dürdäneleri özünde jemleýän hekaýatlary, durmuş kyssalaryny bizem ýaşlara ýetirip, öwüt-ündew edýäris. Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde hem şeýle tymsallaryň ençemesi bar. Şolaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Onda bellenişine görä, Amr ibn Bahrul Jahyz şeýle diýipdir: «Ybraýym ibn Sindi Kufäniň abraýly adamlarynyň birine sowal bilen ýüzlenipdir. Bu adam şol ulusyň sylagly, erjel, şirin sözlülikde bäsleşmäge taý tapylmaýan, perişde pisint adam eken. Ybraýym oňa: «Adamlaryň haýyşyny bitirmekde ýadawlygyňy duýdurmaýan, bitmesi agyr işleri ýeňil görkezýän zat näme?» Ol: «Ýagşylyk eden adamymyň alkyşy, meniň üçin, säher çagy baglaryň şahasynda saýraýan guşlaryň sesinden, bag şahalarynyň saz guralynyň kirşi kimin zarňyldysyndan, mylaýym sesli aýdymçy gyzlaryň hiňlenmesinden lezzetlidir. Bahar gülleriniň ählisini synlap çykdym, ýöne olaryň hiç biri ýagşylyk edene aýdylýan alkyş ýaly süýji we owadan däl ekeni» diýipdir. Ybraýym oňa: «Nähili ajap ýigit ekeniň. Saňa sahylygyň demi siňipdir, Alla seniň jomartlygyňy artdyrsyn. Ýöne, bu

Hakydada galan ýatlamalar

Adamzadyň ýady kitaby ýada salýar. Ýazylan ýazgylaryň kitap sahypalarynda hemişelik galyşy ýaly, durmuşda bolup geçýän iň täsirli wakalarynyda ynsan ýadyndan çykmaýar. Gürrüň açjak wakalarym telewideniýede işlän döwrümizde ýazyjylardyr sungat ussatlary bilen baglanyşykly ýadymyzda hemişelik galan pursatlar. Ol 1989 — 1994-nji ýyllarda telewideniýäniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Talapkär, işjanly, ýeri gelende töwekgel, täzeligi goldap, redaktorlaryň çeken zähmetine görä aladasyny edýän adamdy.

Habarlar

2-nji ap­rel. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. 5-nji ap­rel. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent ­Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da bo­lup, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň at­çy­lyk to­par­la­ry­nyň taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ge­çi­ri­len ça­py­şyk­la­ra to­ma­şa et­di we ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ne taý­ýar­lan­ýan be­dew­le­ri syn­la­dy.

Garaşsyzlygyň gadyry

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan. Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berlen täze desga, täze bina, täze önümçilik kärhanalary.

Şygryýet bossany

Aşgabat Ajap-ajap binalaryň asman bilen birigýär,Ýürek yşkym, göwün şadym, jigerim sen, Aşgabat!Säherler seretseň misli çar tarapdan Gün dogýar,Eziz Watanmyň ýüregi, geregim sen, Aşgabat!

Şygryýet bossany

Paýtagtymyz Kalp­la­ryň nu­ru­na ço­ýu­lan ýa­ly,Gö­ýä bir on dör­di gi­jä­niň Aýy,Göw­her şöh­le­sin­den alyp­syň pa­ýy,Paýtagtymyz, mermer şäher Aş­ga­bat.

Şygryýet bossany

Aýdyň ýolly Aşgabat Mer­me­re bes­le­nen aja­ýyp şä­her,Ag­zy­bir, asu­da il­li Aş­ga­bat.Gör­ki göz ga­maş­dyr her şam, her sä­her,Ge­le­je­ge aý­dyň ýol­ly Aş­ga­bat.

Şygryýet bossany

Bentler Nu­ra çü­men, ak şä­he­rim — ak bag­tym,Bag-bos­san­ly, köş­gi, eý­wan­ly tag­tym,Işiň ro­waç bol­sun, ýo­luň ak bol­sun,Ak mer­mer­li 140 ýaş­ly paý­tag­tym!* * *Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­lyk Wa­ta­ny,Türk­me­nis­tan — yna­nyş­mak Wa­ta­ny,Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äş­gär­dirWa­ta­ny­myň ba­ky bag­ta ýe­te­ni.* * *Asuda, abadan, aja­ýyp şä­her,Şöh­rat­ly ta­ryh­ly, yk­bal­ly, şä­her.Jem­şi­diň ja­my dek dün­ýä­ni gör­ýän,Bag­ty­ýar döw­rüm­de ga­nat­ly, şä­her.* * *Şi­rin­den-şi­rin­dir aý­dy­my-sa­zy,Belentden ýaňlanýar bagşyň owa­zy.Gözel Aşgabadyň mährem gujagy,Ýat­la­dyp dur my­dam ba­ha­ry-ýa­zy.* * *Köp wa­ka­ny gör­di ozal, Aş­ga­bat,Bag­şy-şa­hyr­la­ra ga­zal, Aş­ga­bat,Ber­ka­rar döw­let­de – tä­ze za­man­da,Bar­ha gö­zel­leş­ýär gö­zel Aş­ga­bat! * * *Paý­tag­tym seň ynam tä­jiň be­ýik­dir,Kal­by­my­za yl­ham jä­jiň gu­ýup­dyr.Gö­ren­ler ar­mana, gör­me­dik­le­rem:«Bir gör­sem­dim, ar­ma­nym ýok» di­ýip­dir. * * *Syn­la­nym­da se­ni sä­her, Aş­ga­bat,Ju­wan şä­her, tä­miz ş

Şygryýet bossany

Aşgabat, jan Aşgabat(Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna 140 bent oda) Müň sekiz ýüz segsen birde,Tutulypdyr berk binýadyň.Haýsy sözlerden döräpdir,Ajapdan ajaýyp adyň?!