Bäsleşik (hekaýa)

17 Mart 2021
1784

Je­ma­lyň bar ala­da­sy ot­ly men­zi­li­ne ba­ryp, Bal­ka­nabada ug­ra­ýan ot­la ýe­tiş­mek­di. Göw­nü­ne bol­ma­sa, mü­nüp bar­ýan ula­gam ha­ýal ýö­re­ýän ýa­ly­dy. Je­mal gi­jä gal­ma­sa-da gal­maz­dy we­lin, dü­kan­dan sow­gat al­mak üçin eg­le­näý­di-dä. Ýog­sam ýol şa­ýy­ny düýn ar­ka­ýyn­lyk­da tu­tup­dy. «Iş­den ge­lip ar­ka­ýyn ýo­la dü­şe­rin» di­ýip, pi­kir edip­di. Ýö­ne onuň iş­den ge­len­den soň, oba­da ýa­şa­ýan jo­ra­sy Gö­ze­liň to­ýu­na sow­gat al­man­dy­gy ýa­dy­na düş­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap, Je­mal mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­ni ele alan­soň, öz ha­la­şan ýi­gi­di Oraz bi­len dur­muş gu­rup, şä­her­de ýa­şa­ýar­dy­lar. Olar bir og­ly, bir gy­zy­na gu­wa­nyp, bagt­ly dur­muş­da ýa­şap ýör­dü­ler. Jo­ra­sy Gö­zel bol­sa synp­daş ýi­gi­di Mak­sat bi­len ha­la­şyp, dur­muş gu­rup, oba­da ýa­şa­ýar­dy. Ola­ryň iki og­ly bar­dy. Gö­zel Je­ma­la şä­he­re gaýd­ýan oba­da­şyn­dan ça­ky­lyk ha­ty­ny ug­ra­dyp­dyr. Gö­zel jo­ra­sy Je­ma­la hök­man ga­raş­ýan­dy­gy­ny hem aý­dyp­dyr. Er­tir dynç gü­ni bo­lan­soň, Je­mal ça­ga­la­ry­ny ýol­da­şy­na go­ýup, bir özi oba bar­ýar­dy. Köp­den bä­ri oba git­män­soň, dog­duk me­ka­ny­ny hem-de ene-ata di­da­ry­ny küý­se­ýär­di. «Bu gün bol­sa eje­mi, ka­ka­my, ýa­kyn hos­sar­la­ry­my be­gen­di­re­ýin hem-de jo­ra­myň to­ýu­ny gut­la­ýyn» di­ýip, uly şat­lyk bi­len ýo­la ro­wa­na bo­lup­dy. Je­ma­lyň mü­nen ula­gy sak­la­nan­dan, ol öz pi­ki­rin­den aý­ňa­lan ýa­ly bol­dy. Je­mal how­luk­maç­lyk bi­len el­goş­la­ry­ny alyp, ot­ly men­zi­li­ne ta­rap al­ňa­sa­dy. Onuň göz­le­ri otly men­zil­dä­ki uly sa­gat­da­dy. Sa­gat eý­ýäm on dokuza bäş mi­nut bar­dy. On dokuzda bol­sa Je­ma­lyň git­me­li ot­lu­sy ug­ra­ma­ly­dy. Je­mal ha­sa­nak­lap, pe­te­gi­ni ýol­be­le­de gör­ke­zip, ot­la mün­di. Soň­ra kü­pä gi­rip, el­goş­la­ry­ny ýer­leş­dir­di. As­sy­ryn­lyk bi­len kü­pe­dä­ki­le­re göz aý­la­dy. Gar­şy­syn­da iki ça­ga­ly ge­lin bi­len ýig­ri­mi ýaş tö­we­re­gi bir gyz otyr­dy. Je­mal ola­ryň gep ur­şun­dan öň­räk­den ta­nyş ýa-da ga­ryn­daş­dy­gy­ny aň­dy. Gel­niň gyz­ja­gaz­la­ry bol­sa, ulu­la­ra päs­gel ber­me­jek bol­ýan ýa­ly, öz ara­la­ryn­da je­dir­deş­ýär­di­ler. Bir zat hak­da je­del­leş­ýär­di­ler.

Ot­ly ýu­waş­ja­dan bat al­dy. Ot­ly­nyň se­si bi­len ça­ga­la­ryň ses­le­ri saz­la­şyp, Je­ma­ly hüw­dü­le­ýän ýa­ly bol­dy. Je­ma­lyň ýa­daw­lyk­dan ýa­ňa göz­le­ri sü­zü­lip, meý­mi­räp bar­ýar­dy. Bir­den ol gyz­ja­gaz­la­ryň so­wa­ly­na tis­gi­nip git­di.

Amanbike BABAÝEWA