Durmuşyň mähribanlyklaryna gujak gerip, mahal-mahal tebigata çykyp, dünýewi pikirler bilen darkaş gurmak meniň ömürlik endigime öwrülipdir. Ynha, bu gün hem şol birwagtky daşymyň ýanyna gelip aýak çekdim, töwerege nazar aýladym. Endigime görä, harsaň daşyň üstünde çöküp, müň öwrümli dünýä hakda pikir-oýlara batyp başladym. Ol pikirler köplenç dünýä, tebigat, söýgi, ene hakda bolýardy. Men pikir yzygiderliligi boýunça olary serimden geçirip başladym. Kalbymda bolsa «Söý meni, dünýä!» diýen jümleler şol ýaňlandy durdy. Elbetde, köňül ýazgylary dünýä bilen özara hyýaly söhbetdeşlikden başlandy.
Gör, dünýä, seniň kä ynjyk melek deýin näzik, käte bolsa ýowuz ykbal deýin gazaply göwnüňi tapjak bolup, men nähili külpetli pursatlary başdan geçirdim. Aşyk bolup, ýollarda azaşyp, baglara düşdüm. Baglarda azaşyp, daglardan, derelerden, jülgelerden çykdym. Yşkyň owazyna sesimi goşup, äleme gol serip, kimdir birine sesimi eşitdirjek bolup, şeýle bir gygyrdym. Öz sesime özüm tisginip, honda düşdüm. Meniň sedama çydaman, daglar sandyrap lerzan urdy. Baýyrlarda biten dürli agaçlar meniň halyma dözmän, adamlar kimin dowla düşüp, başlaryny ýaýkadylar. Meniň sesime bütin barlyk «hä!» diýip sesini goşdy. Emma yzlaý-yzlaý, asmandan-zeminden tapmadyk şol gözlenilýän melekden ses-seda eşidilmedi. Men birsalym sergezdan sesleriň, duýgularyň, awara uwwuldylaryň hem şuwwuldylaryň arasynda azaşyp-azaşyp, teý ahyry ýene gelip, öz gadyrdan ykbal külbäme düşdüm. Töweregime göz aýladym. Entek tapmankam ýitiren zatlarymy gözledim. Agtarýan zatlarymyň hijisi gözüme ilmedi. Soň birsalym öz ykbalymdan nadyl bolup, kimdir birine öz ýanymdan nägilelik bildirip, ahmyr kölüne çümüp oturdym. Müň hyýal, müň bir pikir kalbymdan hem serimden geçip gitdi. Dünýä, saňa akyl ýetiresim, seniň many-mazmunyňy sähraňda açylan güller kimin tiresim geldi. Serimden çeşme-çaýlar deýin towlanyp-tolkunyp akyp geçýän wysallarymy, gökde pelpelläp ganat kakýan asman guşlary kimin tükeniksiz pikirlerimi-pelsepelerimi pähim-parasadymda jemläp, olardan özboluşly paýhas çemenini bogup başladym. Bularyň bary sen hakda, dünýä!.. Diňle, öz öwreden durmuş tejribeleriňi dogry ulanyp, ýaşaýşyň şerhine dürs düşünmäge synanyşyp bilipdirinmi?!.