Bagt ýyldyzy
(hekaýa) Orta mekdebi tamamlan oba gyzy agşamara şäheriň demir ýol menziline gelip, otludan düşdi-de, ýolugra geçip barýan ulaglara elini galdyryp başlady. Köp garaşdyrman depesinde «taksi» ýazgyly ulaglaryň biri deňinde saklandy. Obadan gelen gyz barmaly ýerini salgy berip, ulagyň yzky oturgyjyna ýerleşdi. Birdenem, sürüjiniň ýüz keşbine gözi düşen gyz allaniçiksi boldy. «Hakyt kinoda döwüň keşbini janlandyran artistiň özi-dä. Men ol adamdan kiçijekkäm nähili gorkupdym. Hiý-waý, nätsemkäm? Köpi gören sürüji gyzyň nämedir bir zada biynjalyk bolýandygyny derrew aňypdy. Ol muny bilmezlige salyp, gyza sowal berdi. Gyzam syr bildirmejek bolup sürüjiniň sowallaryna kynlyk bilen jogap bermäge synanyşdy.