Milliligiň çeper beýany

16 Fewral 2021
2812

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu babatda edebi çeşmelere ýüzlenmek, olaryň üsti bilen halkymyzyň etnografiýasyny seljermek möhüm ylmy wezipe bolup durýar.

Türkmen halkynyň etnografiýasynyň şöhlelendirilşi 1950—1970-nji ýyllaryň edebi eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Bu döwürlere degişli etnografik maglumatlar Naryman Jumaýewiň (1925—1984) eserlerinde-de giňden beýan edilýar. Tanymal ýazyjynyň kitaplary çeper dil bilen durmuşy ýagdaýlary iňňän anyk suratlandyrmagy bilen halkyň kalbynda giň orun aldy. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powesti 1962-nji ýylda çapdan çykdy. Onuň esasynda 1969-njy ýylda adybir kinofilm hem surata düşürildi. Kinofilmde-de halkymyzyň däp-dessurlary, maşgala gatnaşyklary görkezilýär. Powestde bu babatda has köp maglumatlar bardyr. Olaryň üsti bilen ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynda halkymyzyň etnografiýasyny öwrenmek bolýar. Eserde maddy-ruhy medeniýetiň köp taraplary beýan edilýär. Eseriň baş gahrymanlary Selbi we Jemşit birek-biregi gowy görýärler, toý tutýarlar. Wakalar olaryň toýuna çenli we ondan soňky bolup geçýän ýagdaýlary şöhlelendirýär. ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynyň durmuşynyň wakalary bu eserde giň gerim alýar, olaryň beýan edilişi etnografik jikme-jikligi bilen tapawutlanýar.

Bike DIWANGULYÝEWA,
taryh ylymlarynyň kandidaty