Çapyksuwar

16 Fewral 2021
1144

(hekaýa)

Baý­gel­di us­sa­nyň ag­ty­gy Şir­my­ra­dyň har­by gul­lu­gyn­dan gel­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ryň oba ýaý­ra­ma­gy bi­len Çeş­me­li oba­sy­nyň adam­la­ry­nyň äh­li­si di­ýen ýa­ly edil, to­ýa ga­raş­ýan ýa­ly, oňa ga­ra­şyp ug­ra­dy. Se­bä­bi Şir­my­ra­dyň gel­me­gi bi­len bu oba­nyň dur­mu­şy öz­ge­ren ýa­ly bo­lar. Nä­me üçin diý­ýä­ňiz­mi? «Nä­me üçi­ni­ni» dü­şün­dir­mek üçin gür­rü­ňi bi­raz uzalt­ma­ly bol­ýar. Se­bä­bi şeýt­seň, ho-ol, oba­my­zyň or­ruk or­ta­ra­syn­da­ky azyk dü­ka­ny­nyň ýa­nyn­da­ky us­sa­ha­na­da gi­je-gün­diz «tyrk-tyrk» edip otu­ran Araz­gel­di kö­wüş­çi­niň aý­dy­şy ýa­ly, gür­rüň has süý­ji bol­ýar. Tä­sir­li bol­ýar. Ine, şo­nuň üçi­nem gür­rü­ňi­mi aňyr­rak­lar­dan, en­tek Şir­my­ra­dyň ça­ga­lyk dö­wür­le­rin­den, og­lan­jyk­la­ryň öňü­ne dü­şüp, ga­ra­gol­luk­la­ryň dün­ýä­sin­de gam­syz döw­ran sü­rüp ýö­ren wagt­la­ryn­dan alyp gaý­da­ýyn.

Meretgylyç ATABAÝEW