Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini halkara giňişlikde ilerletmek, eziz Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda halylaryň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, milli guwanjymyz, maşgala ojagynyň bezegi bolup durýandygyny belleýärler. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylarynda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarynda haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň, Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryna buýsanjyň hem-de ýagty geljege ynamyň nyşanydyr. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri, mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşymyza ajaýyp öwüşgin çaýýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň bilimlerini, güýçlerini we gujurlaryny eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar uçurymlarymyzyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylara

Çeper elli mähriban halyçylar! Hormatly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, paýtagtymyzy we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýändigi, dünýäniň ösen hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýändigi bellenilýär. Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň, Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň ykrar edilen merkezi bolup durýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!