Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

22 Maý 2024

40

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda bu baýramyň döwlet gurluşynyň ýörelgelerini hem-de türkmen halkynyň demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen gününi, Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň döredilen gününi birleşdirip, milli jebisligi dabaralandyrýandygy, döwletimiziň belent ynsanperwer taglymlara ygrarlydygyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler Döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew tüýs ýürekden gutladylar.

Beýleki bildirişler