Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

21 Maý 2024

40

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl tugumyzyň şöhratly taryhymyzy alamatlandyrýandygy, ýurdumyzyň bagtyýar şu gününiň we beýik geljeginiň kepili, halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň mizemezdigini tassyklaýan gymmatlyklar bolup durýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow tüýs ýürekden gutladylar.

Beýleki bildirişler