Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda halylaryň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, milli guwanjymyz, maşgala ojagynyň bezegi bolup durýandygyny belleýärler. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylarynda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarynda haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň, Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryna buýsanjyň hem-de ýagty geljege ynamyň nyşanydyr.
Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.