Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda bu şanly baýramçylygyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, onuň demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky garaýşyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, beýik geçmişimiziň, bagtyýar şu günümiziň hem röwşen geljegimiziň nyşanlary bolup durýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.