Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohbere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilişi ýaly, Seýed Ebrahim Raisi görnükli döwlet işgäri bolmak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ynamly öňe gitmegi ugrunda üstünlikli işleri alyp bardy hem-de Türkmenistan bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.