Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy liderine gynanç bildirdi

21 Maý 2024

43

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

“Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet ýolbaşçysy bolup, Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Beýleki bildirişler