Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlary ynsanperwer kömegi hökmünde iberildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gahryman Arkadagym! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 80 ýaşymyň dolmagy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin depäm göge diredi. Meni gyzyga goýan günleriň bilen, alyp barýan beýik işleriň bilen, waspyňy ýetirýän şygyrlarym bilen aýlaryň-ýyllaryň gyssanmaç geçýäninem duýmadym.

Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa

Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi Sizden haýyş edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň ählimize bereket, bagt we rowaçlyk dileg edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Liwan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.