Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

10 Awgust 2020

239

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Beýleki bildirişler