Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

5 Awgust 2020

244

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýram mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda hem-de telegrammalarda bu nurana baýramyň doganlyk we agzybirlik, asylly işleri amala aşyrmaga dahyllylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini nygtaýarlar.

Hatlary hem-de telegrammalary iberenler milli Liderimizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlaýarlar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde üstünlik arzuw edýärler.

Beýleki bildirişler