Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

3 Awgust 2020

247

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.

Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary döwlet Baştutanymyzy belent ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwerligi we rehim-şepagatlylygy alamatlandyrýan baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Beýleki bildirişler