Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

4 Awgust 2020

262

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelmegi dowam edýär. Olarda parahatçylygy, birleşmäni we ruhy päkligi alamatlandyrýan bu mukaddes baýramçylygyň türkmen halkyna mahsus bolan hoşniýetliligiň we ylalaşygyň maksatlaryna wepalylygy aňladýandygy bellenilýär.

Gutlag hatlaryny iberenler döwlet Baştutanymyzy musulmanlaryň baş baýramlarynyň biri bilen gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine egsilmez gujur-gaýrat arzuw edýärler.

Beýleki bildirişler