Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi

13 Awgust 2020

240

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlary ynsanperwer kömegi hökmünde iberildi.

Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Beýleki bildirişler