Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

1 Awgust 2020

288

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, işewürler hatlarynda hem-de telegrammalarynda gadymy döwürlerden bäri parahatçylygy, agzybirligi we ruhy taýdan tämizligi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň türkmen halkyna mahsus bolan hoşniýetlilik we ylalaşyklylyk ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşanydygyny nygtaýarlar. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyzy musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ägirt uly meýilnamalary amala aşyrmagyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Beýleki bildirişler