HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek

Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 31-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr

Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatynyň herekete getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň esasy wezipämizdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

Arkadag şäheri, 30-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň şu ugra gönükdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygynyň we ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň başyndan bäri bolup geçen wakalar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwletimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary ösdürip, döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedir. Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir. Abu-Dabi şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Milli Liderimiziň Dubaý şäherinde «Dragon Oil» we «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary

Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär hem-de döwletara gatnaşyklar meselelerinde hemişe işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.