Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.