Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatynyň herekete getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary bolup durýar.
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň esasy wezipämizdir.