HABARLAR

Döwrebap mümkinçilikleriň gözbaşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik özgertmeleriň hatarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» aýratyn bellemek gerek. Konsepsiýada öňe sürülýän pikirler, öňde goýulýan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary barha kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler mugallymlary, şeýle hem ähli bilim işgärlerini buýsandyrýar. Çünki ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim öwrenmegi üçin döredilýän giň gerimli şertler çuňňur many-mazmuna eýedir. Şunda bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Dünýä dilleri — kämilligiň binýady

Häzirki döwürde bilim ulgamy has-da ösdürilýär, okatmagyň iň täze ugurlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda orta mekdeplerde sapaklaryň kämil usulda ýola goýulmagy, döwrebap mümkinçilikler esasynda guralmagy örän ähmiýetlidir. Şeýle ugurlar daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda has-da ähmiýetli bolup durýar. Çünki häzirki wagtda dil öwretmegiň döwrebap usullary, ylmy esasda ýola goýlandyr. Bu döwrebap usullar okuw kitaplaryndan we multimedia serişdelerinden, lingafon otaglaryndan ybarat bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimizi we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň has-da kämilleşmeginde möhüm orun tutýar. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekleri üçin giň gerimli işler ýokary depgin bilen amala aş

Matematika sapagynyň ähmiýeti

Okuwçylaryň hasaplamak endigini ösdürmek, matematika bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak mugallymyň usulyýetine bagly bolup durýar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermekde sapaklaryň guramaçylykly, täsirli bolmagy zerurdyr. Orta mekdebiň 5-nji synpynda matematika sapagynda «Natural sanlaryň 10-a, 5-e we 2-ä bölünijilik nyşanlary» diýen tema geçilýär. Sapagy oňat düşündirmek üçin okuw kitabyndan we multimedia tagtasyndan işjeň peýdalanýaryn. Çünki tema gürrüň berlende, ony multimedia tagtasynda slaýd şekilleriniň üsti bilen düşündirmek täsirli bolýar. Şunda, ilki bilen, multimedia tagtasynda görkezilýän matematika sapagyna degişli kesgitlemeleri okadýaryn. Soňra bu kesgitlemäni düşündirýärin. Bu bolsa olaryň sapaga işjeň girişmegine, höwesli diňlemegine ýardam berýär.

Nusgawy edebiýaty öwretmek

Häzirki döwürde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda okatmagyň iň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olara kämil bilim öwretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapaklarynyň hem uly ähmiýeti bar. Esasan hem, çeper edebiýat ýaşlara ynsanperwerligi, milli gymmatlyklary çuňňur öwredýär. Şonuň üçin milli ýörelgeler çeper edebiýatda aýdyň beýan edilýär. Edebiýat sapagynda milli ýörelgelerimiz hakynda beýan etmek, okuwçylara bu barada düşünje bermek esasy ugur bolup durýar. Bu barada okuwçylara nusgawy edebiýata degişli bolan goşgulary, dessanlary okamagy wagyz edýäris. Şunda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri aýratyn ähmiýetlidir, çünki bu eserde ata-ene sarpasy, ylym öwrenmek giňişleýin beýan edilýär. «Wagzy-Azat» eserinde edep-terbiýe mazmunly pikirlere köp duşmak bolýar. Şonuň üçin hem şeýle eserler ýaşlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Agzybirlik, edep-terbiýe, ylym-bilim, halallyk ýaly häsiýetler Döwletmämmet Azadynyň bütin eseriniň özenini tutýar.

Halkara olimpiada üstünlige beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ynha, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirildi. Maslahat öz işini «Himiýany okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary», «Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi», «Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümleriň üçüsinde dowam etdirdi. Olarda 180-e golaý çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada dünýä döwletlerinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Bu olimpiada iki tapgyrda A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar, B

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Geçilenleri gaýtalamagyň peýdasy Türkmen diliniň ýazuw düzgünlerini, sözleriň dogry aýdylyş äheňini çagalara başlangyç synplardan öwretmek möhümdir. Diktant ýazdyrylanda okuwçy özbaşdak sözleri, sözlemi ýazmaly bolýar. Şol ýerde onuň ýazuw kadalaryny nähili derejede bilýändigi ýüze çykýar. Çaga özbaşdak işlemeli bolanda, hiç hili bökdençlik bolmaz ýaly, her bir geçilýän temanyň soňunda gaýtalamak düzgünlerini berk gözegçilikde goýýaryn. Öňki temalary ýatlatmak maksady bilen barlagnamalary taýýarlaýaryn. Sapak aýdan okuwça birini, beýlekilere hem ikisini paýlaýaryn. Ýatdan jogap berip ýetişmedik okuwçylaryň jogaplaryny bolsa, ýazmaça bellik etmeklerini tabşyrýaryn.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly we yzygiderli ösýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda we medeniýetde giň gerimli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän beýik işlere, döwrebap ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy düýpli özgertmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlar syýasaty we milli bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere daýanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri, bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki taryhy döwürde öz hünäriniň ussady bolup kämil pikirlenip bilýän, sagdyn, bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Çagalar — durmuşyň güli

Ders olimpiadasy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň giň ge­rim­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 25 — 30-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da hi­mi­ýa der­si bo­ýun­ça III hal­ka­ra olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len olim­pia­da Rus­si­ýadan, Hy­taý­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­dan, Tür­ki­ýeden, Be­la­rus­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Azer­baý­jan­dan, Öz­be­gis­tan­dan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 23-sin­den we ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 21-sin­den ta­lyp­la­ryň je­mi 220-ä go­la­ýy gat­naş­dy.

Himiýa ugurly halkara olimpiada we maslahat

netijeli häsiýete eýe boldy Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen III halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.