Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

29 Noýabr 2024
230

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijilik höwesini we ukyp-başarnyklaryny artdyrmak ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 24-nji we ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ady bilen çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň maksady türkmen halkynyň edebi mirasyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper edebiýatyny wagyz etmeklige gönükdirildi.

Bäsleşikde 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Şirowa birinji, ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Ogulnabat Rozygulyýewa bilen Gülnar Ýoldaşowa ikinji, 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Enejan Halmyradowa bilen ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Agageldi Çaryýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Dünýägözel HAÝRULLAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.