«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
«Bar zadyň sakasy — saglyk» diýýän halkymyz durmuşyň özeni, bagtyň owal özi, bedeniň abatlygy hökmünde baş saglygyny herki zatdan ileri goýýar. Sagdyn iýmitlenmek, şahsy gigiýena kadalaryny berjaý etmek, yzygiderli sport bilen meşgullanmak beden saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglyk jemgyýetimiziň ählumumy gymmatlygy hasaplanylýar.