Türkmen halkynda çaga we onuň edebi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu asylly ýörelge has-da rowaçlanyp, çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.
Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy «Bagtyýar nesil» çagalar bakja-bagy hem welaýatymyzda göreldeli bilim ojaklarynyň biri. Bu ýerde körpe nesle rus dilinde çuňlaşdyrylan ýörite sapaklar berilýär.