Çagalar bagymyzda geçirilen ertirlik körpelerde arassaçylyk endiklerini terbiýelemäge bagyşlandy. Dürli oýunlaryň, goşgudyr aýdymlaryň üsti bilen wagyz edilen endikleriň çagalaryň aňynda hemişelik galmagy we olaryň bu endiklere yzygiderli eýermeklerini gazanmak üçin işlenip taýýarlanylan meýilnama çäräniň dowamynda doly berjaý edildi.
Ikinji bir tarapdan bolsa, bu ertirlik sungatyň aýdym-saz, tans ýaly görnüşleri, şygyr okamak boýunça zehinli çagalaryň birnäçesini ýüze çykardy. Geljekde has döredijilikli işleşip, bu çagalaryň öňde duran döredijilik we sungat bäsleşiklerine gatnaşmaklaryny gazanmak meýilleşdirilýär.