Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ynha, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirildi. Maslahat öz işini «Himiýany okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary», «Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi», «Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümleriň üçüsinde dowam etdirdi. Olarda 180-e golaý çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.
Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada dünýä döwletlerinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Bu olimpiada iki tapgyrda A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar, B derejede beýleki hünärlerde bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýumuşlarda, halkara tejribesine laýyklykda, eminler topary tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde işlenip taýýarlanylan soraglar we meseleler ulanyldy.