Çagalar — durmuşyň güli

1 Dekabr 2024
387

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Çagalar — biziň geljegimiz. Geljek hakynda, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelge häzirki wagtda giň many-mazmunda ösdürilip hem baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň aýratyn üns-alada, mähir, söýgi bilen gurşalyp alynmagy we döwrebap terbiýelenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar üçin gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 142-nji çagalar bakja-bagydyr. Bu çagalar bakja-bagy binagärlik taýdan-da, dürli agaçlary gök öwsüp oturan, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary öz içine alýan giň howlusy bilenem nazaryňy, ünsüňi özüne çekýär. Bu mekdebe çenli çagalar edarasynyň diňe bir daşky we içki gözelligi bilen däl, eýsem, terbiýeçilik işleriniň guralyşy, arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşy taýdan-da nusgalykdygyny ilkibaşdan bellemek ýerlikli bolar. Çünki ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar bakja-baglarynyň arasynda geçirilýän birnäçe bäsleşiklerde ýeňiji bolup, hormat hatlara mynasyp bolmagy başarýar.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».