HABARLAR

Köňül söýgedi — saz

Şahyr aýtmyşlaýyn, ömür diýip berlen zady abraý bilen başdan sowaýmada iş bar. Şonuň üçinem adamzat dünýä gelensoň, mynasyp ýaşamaga çyr-çytyr ýapyşýar. Manyly ömür ýaşap, il-güne haýyrly iş edip, gerekli adam bolmaga çalyşýar. Şunda welin, göwün söýen kesbi-käriň, hünäriň wajyp. Ýakynda tomaşaçylara ýetirilen «Kompozitor» atly çeper film hem saz sungatyny kesp-kär edinen adam baradaky tolgundyryjy wakalary beýan edýär. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda režissýor Maksat Gylyjowyň mynasyp artistleri saýlamagyň hötdesinden gelendigini turuwbaşdan bellän ýagşy. Biz hem filmiň baş gahrymany — Merdanyň ululygyndaky keşbini ýerine ýetiren Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Atageldi, sözümiň başynda şowly çykan filmiňiz bilen gutlaýaryn. Höwri köp bolsun!

Mahmal owazly aýdymçy

Ýaşlykda çaganyň zehinini, başarnygyny ýüze çykarmak onuň geljekki ykbalyna, uly durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Gep şol zehin uçgunlaryny wagtynda duýup, ony dogry ýola gönükdirmekde. Bu babatda Jepbargulynyň bagty çüwdi. Ol sungata sarpa goýulýan maşgalada doguldy, kemala geldi. Jepbarguly ýaşlykdan aýdym-saza höwesek bolýar. Entek ol çagaka kakasynyň gullukdaş dosty, meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanow welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan wagtynda olaryň öýlerine myhmançylyga gelýär. Ol çagajygyň aýdym aýdyşyny diňläp, Jepbargulynyň kakasyna ýüzlenip: «Şu ogluňda zehin bar, geljekde ol ussat aýdymçy bolup ýetişer» diýip, oňa uly baha berýär.

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Türkmen halkynyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Çünki kyn günüňde dosta, toý günüňde gardaşa deňelýän bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül telwasydyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerine bolan garaýşy öz beýanyny tapýar.

Müňýyllyklaryň ýaňy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, gadymy Änew şäheriniň taryhyndan habar berýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini okanyňda, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bardygyna aýdyň göz ýetirip, ata Watanymyza bolan söýgiň has-da beýgelýär. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halk köpçüligi, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatyny we ähmiýetini belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Kalplary gözelleşdirýän gözellik

Zähmet rugsadymda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kaşaň myhmanhanalarynyň birinde dynç almak miýesser etdi. Ol ýerde aýratyn täsir galdyran zat myhmanhananyň gözelligine gözellik goşýan surat eserleri boldy. Suratkeşleriň döreden biri beýlekisinden çeper, täsirli eserlerini synlap durşuma «Uly tolkun» diýlip atlandyrylan peýzaž has-da ünsümi özüne çekdi. Görüp otursam, bu eseri döreden balkanabatly suratkeş Nazmämmet Satlykgulyýew eken. «Uly tolkunyň» täsirinden çykyp bilmän durşuma Balkanabada bardygym suratkeşiň özüne sataşyp, beýleki döreden eserleri bilen içgin tanyşmak islegi döredi.

Nusgawy şahyryň nesilleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynda geçirilen «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» atly dabaraly çärä gatnaşmak miýesser etdi. Aýdym-sazly çäre tamamlanandan soňra, Gyzylarbat etrabyna tarap ýola düşüp, ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň çowlugy Ogulbike Jumaýewanyň öýüne myhmançylyga bardyk. Şonda bizi töri bezäp oturan eneler — uýalaryň ulusy, 88 ýaşyndaky Ogulnur ene, ortanjysy, 79 ýaşyndaky Durdybike ene, kiçileri, şol ojagyň eýesi, 75 ýaşyndaky Ogulbike ene güler ýüz bilen garşyladylar.

Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

Medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň şöhratly taryhynda belent derejelere ýetdi, umumadamzat medeniýetine mynasyp goşandyny goşdy. Ol bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň waspçysydyr, toý-baýramlaryň bezegidir, adamlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gözellikdir. «Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň çar künjeginde medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilýändiginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri täze taryhy döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň beýanydyr.

Sahnada «Gilgameş»

Halk teatrlarynyň bäsleşigi

Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna ussatlygy — ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi. Teatrlaryň işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Halypany hatyralap Sözüň, sazyň gudratyna sarpaly eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi gülledip ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Gubadag şäher medeniýet merkezinde milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirdi, Türkmenistanyň halk bagşysy, «Gaýrat» medalynyň eýesi Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda halypa bagşynyň şägirtleri, ussat zenan bagşylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Akjagül Myradowanyň milli aýdym-saz sungatymyza goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet edildi.