Halk teatrlarynyň bäsleşigi

10 Aprel 2024
529

Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna ussatlygy — ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi.

Teatrlaryň işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Jemal Şamyradowa.