Ahunyň Magtymgulyşynas ogly

5 sagat öň
18

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aňyrsy görünmeýän älem giňişligini ýada salýar. Edebiýatçy alymlaryň ussadyň şygyrlarynyň her biriniň many çuňňurlygyna aň ýetirmek üçin ýyllara barabar wagtyň gerekdigi barada aýdan sözleri muňa şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçinem akyldar şahyryň döredijiligine alymlar ömürleriniň uly bölegini bagyş edýärler. Şeýle ussatlaryň biri-de ýazyjy, şahyr, edebiýaty, mirasy öwreniji Ahmet Ahundow-Gürgenlidir.

Ahmet Ahundow-Gürgenli 1909-njy ýylda Eýranyň Kümüşdepe şäherinde dünýä inýär. Ol başlangyç sowady dini ugurdan kämil bilimli, kakasy Rejep Ahundan alypdyr. Rejep ahunyň kakasy-da şahyr bolup, adyna Allaguly diýer ekenler. Ahmet özüne şahyrlyk zehininiň atasyndan miras galandygyny ýatlamagy gowy görüpdir.

Leýla OMIROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.