Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza serpaýlamagy ählimizi begendirdi. «2015-nji ýylda bu derejä biziň Mary şäherimiz mynasyp bolupdy. Biziň taryhy şäherlerimize şeýle uly derejäni berendikleri üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasyna minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz bu gymmatly kitabynda belleýär.
Milli mirasymyzy toplamaga goşant goşan alymlar bu günki günde uly hormat bilen ýatlanylýar. Çünki olar jöwzaly tomusda-da, aňzakly gyşda-da obama-oba aýlanyp, halkyň ýaşuly wekilleri bilen duşuşyp, ata-babalardan galan ruhy mirasymyzy topladylar. Akademik Baýmuhammet Garryýew, professor Mäti Kösäýew, Ahmet Ahundow Gürgenli, TYA-nyň habarçy agzasy Zylyha Muhammedowa, meşhur miras öwreniji, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ümür Esenow, ýazyjylar Berdi Kerbabaýewdir Ata Gowşudow we beýlekiler toplan maglumatlary bilen halkyň aň-düşünjesini ösdürmäge uly goşant goşdular. Pälwan bagşydan «Görogly» eposynyň 12 şahasyny ýazyp alyp, halkymyza miras galdyran Ata Çepow, halk içine aýlanyp, ençeme ertekileri ýazga geçiren Çary Garabekow, Penji Agalyýew, Alty Kulyýew, Juma Nepesow, Muhammet Ataşow, Gurbandurdy Esenow, Allaberen Kadyrow, Şirli Hudaýnazarow, Hajarbibi Nepesowa, Käbe Nepesowa ýaly ençeme mirasgärleriň bitiren işleri bimöçberdir.