Hodzko-Boreýko

5 sagat öň
13

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy — baky gymmatlyga öwrülen döredijiligi bilen dünýäniň çar künjüni ýagtyldýan beýik ynsan. Onuň şygyrlarynyň şirinligini baryp XIX asyrda daşary ýurtlaryň edebiýatçy alymlary duýup, olary öz halklaryna ýetirmegiň aladasynda bolupdyrlar. Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä ýaýramagyna goşant goşan şeýle ynsanlaryň biri-de polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Ýan Hodzko-Boreýkodyr.

Hodzko-Boreýko Wilen guberniýasynyň Wileý uýezdinde (häzirki Belarus Respublikasynyň Minsk oblastynyň Mýadel raýony) dünýä inýär. Gimnaziýany tamamlandan soň Aleksandr 1820-nji ýylda Wilen uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa girýär. Ýöne käbir sebäplere görä okuwyny doly tamamlaman, Sankt-Peterburga göçüp gitmeli bolýar. Ol ýerde Hodzko-Boreýko Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky Gündogar dilleri okuw bölümine girýär. 1830-njy ýylda bolsa ony Eýrana, diplomatik gulluga belleýärler. Soňlugy bilen ol Eýranda konsul bolup işleýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül KAKAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.