Gelse Nowruz äleme...

5 Aprel 2024
728

Nowruz adamzat taryhynda ilki dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biridir. Has irki döwürlerde Nowruz baýramynyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Çünki Nowruz bütin Gündogaryň Täze ýyl baýramydyr. Nowruzda türkmen ýazynyň ysy, säheriň päkligi duýulýar. Aý-Günüň hereketi, ýylyň, pasyllaryň, tebigatyň kanunalaýyk çalyşmagy, gije-gündiziň deňleşmesi bolup geçýän Nowruzda gyşyň tamamlanyp, baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmasy başlanýar. Bu gün daýhanlar uly umyt bilen täze hasylyň düýbüni tutýarlar. Bu hakda halk arasynda: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli», «Nowruzda ygal hiç bolmanda, geçiň şahyny ezse-de, hasyla garaşyber» ýaly aýtgylar bar.

Gündogaryň söz ussatlary Abu Reýhan Biruni «Geçen nesillerden galan ýadygärliklerinde», Mahmyt Kaşgarly «Türki dilleriň diwanynda», Nowaýynyň halypasy Lutfy «Gül we Nowruz» eserinde, Omar Haýýamyň «Nowruznamasynda» Nowruz baýramçylygy, onuň halk arasynda bellenilip geçirilişini, ony bellemekde Gündogar halklarynyň örän gowy däp-dessurlary ýerine ýetirendiklerini beýan edýär. Sebäbi bu şanly sene örän köp halklarda giňden bellenilýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen ýaýlasy al-ýaşyl çemenzarlyga öwrülýär. Owlak-guzularyň sesi, guşlaryň şirin mukamlary — bularyň ählisi pasyllaryň soltany baharyň gelendigini buşlaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy hem beýleki Gündogar şahyrlarynyň ençemesi kimin Nowruz baýramçylygyny we onuň keramatly tämizleýji güýjüni öz «Duman peýda» goşgusynda şeýle wasp edipdir:

«Saglyk».