Bagtyň baky mekanynyň mukamy

4 Aprel 2024
563

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa we parasada beslenen dürdäne eserlerini okanyňda, kitabyň adamzady bütin ýaşaýşyň dowamynda sözüň gudraty bilen  terbiýäniň çuň täsiri bilen bagta ýetirýän mukaddeslikdigi hakydaňa dolýar.

Hormatly Prezidentimiziň  «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserini okanymda bolsa edebi çeşmelerdäki ömür uzaldýan, üstünliklere galkyndyrýan, güýje güýç goşýan gudratly suw baradaky tymsaly hakydama getirdim. Çeşmelerde beýan edilişi ýaly, ol gudratly içgä «eliksir» diýilýär. Aýdylyşy ýaly, ol suwy içen baky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri hem, sözüň doly manysynda,  milletimiziň baky bagtynyň, ruhy galkynyşynyň eliksiri. Elbetde, her bir okyjynyň kalbynda döreýän şeýle buýsançly oýlanmalaryň gözbaşynda bagtyýarlyk eýýamymyzyň galkynyşly özgertmeleri bilen halkyny bagta ýetiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli pähim-paýhasy, agzybirlige we döredijilikli zähmete ruhlandyrýan beýik taglymatlary bar.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».