Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

10 Aprel 2024
507

Türkmen halkynyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Çünki kyn günüňde dosta, toý günüňde gardaşa deňelýän bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül telwasydyr.

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerine bolan garaýşy öz beýanyny tapýar.

Döwletgeldi AMANNAZAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.