Mahmal owazly aýdymçy

10 Aprel 2024
458

Ýaşlykda çaganyň zehinini, başarnygyny ýüze çykarmak onuň geljekki ykbalyna, uly durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Gep şol zehin uçgunlaryny wagtynda duýup, ony dogry ýola gönükdirmekde. Bu babatda Jepbargulynyň bagty çüwdi. Ol sungata sarpa goýulýan maşgalada doguldy, kemala geldi.

Jepbarguly ýaşlykdan aýdym-saza höwesek bolýar. Entek ol çagaka kakasynyň gullukdaş dosty, meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanow welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan wagtynda olaryň öýlerine myhmançylyga gelýär. Ol çagajygyň aýdym aýdyşyny diňläp, Jepbargulynyň kakasyna ýüzlenip: «Şu ogluňda zehin bar, geljekde ol ussat aýdymçy bolup ýetişer» diýip, oňa uly baha berýär.

Jumamyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.