HABARLAR

Demokratiýanyň dabaralanmasyna öwrüldi

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boldy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen bu saýlawlar welaýatymyzda, degişli kanunçylyga laýyklykda, guramaçylykly geçirildi. Munuň üçin Änew şäherindäki Medeniýet öýünde döredilen saýlaw uçastogynda ýokary derejedäki mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi.

Milli demokratiýanyň aýdyň beýany

Düýn — 28-nji martda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boldy. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe — ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýa ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.

Türkmenistan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmäge taýýar

Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän şu saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda ýene bir ähmiýetli waka bolar.

Milli demokratiýanyň möhüm aýratynlygy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ertir geçiriljek saýlawlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny berkitmek bilen, döwlet dolandyrylyşynda halkyň işjeň ornuny pugtalandyryp, milli demokratiýamyzy kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nobatdaky gezek dünýä ýaýar. Gahryman Arkadagymyz häkimiýet bilen halkyň jebisliginde we hemişelik hyzmatdaşlygynda döwrüň öňdebaryjy, ähli ugurlarda okgunly ösýän kuwwatly döwletini gurup boljakdygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz iki palataly ulgama geçmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň milli parlamenti Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, halkymyzyň ählumumy goldawyna daýanyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyrylan bu özgertmeler jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin möhüm şertleri üpjün etmek ýaly asyl

Rowaýatlara siňen pähimler

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özünde syýasy-jemgyýetçilik many-mazmuny jemlemek bilen birlikde, ol halkyň ýaşaýşynyň umumy kadalaryny, ruhy-ahlak gözelligini hem aýdyň açyp görkezýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» diýen bölüminde ýerleşdirilen çuňňur pelsepeli rowaýatlar-da anyk subutnamadyr. Bölümde «Ýüň saçak» atly rowaýat göwrümi taýdan kiçi bolsa-da, many-mazmuna baýlygy bilen okan her bir okyjyda öz täsirini galdyrýar. «Ýüň saçak» rowaýaty mukaddesliklerimizden söz açýar: «Ilerden gelýän çeşme bir sebäp bilen kesilýär. Ilat göçmekçi bolýar. Her kim goş-golamyny ýygnap, düýelere ýükleýär. Bir oglan ýanyna enesiniň beren ýalňyz saçagyny alýar. Ondan näme üçin diňe saçagy alandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berýär:

Ertir — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

HALK DEMOKRATIÝASY DABARALANDYRYLÝAR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary döwlet durmuşyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly maksatlara gönükdirilen tutumlary bu günki gün ähli ugurlarda hem ulgamlarda gazanylýan ýokary netijelerde has aýdyň görünýär. Ol bolsa döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen sahawatly ýörelgäniň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, halk demokratiýasyny kämilleşdirmek babatda hem belent başlangyçlary durmuşa geçirýär. Muny ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň mysaly doly tassyklady we demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini has belende göterýän beýik işleriniň hataryny artdyrdy. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmeler amala aşyryldy, Konstitusion kanun kabul edildi. Ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guraly bolan milli P

Ak şäherim Aşgabat

Şeýle at bilen golaýda Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynda ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, merjen şäherimiziň waspyny belentden ýetirip hormatly Prezidentimiziň golaýda döreden «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusyna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi. Döredijilik agşamynda milli Liderimiziň paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan goşgusynyň many-mazmun hem-de çeperçilik aýratynlyklary, aýdyma öwrülen bu eseriň owaz sazlaşygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallara geljek hepdede öz işlerini ynamly meýilleşdirmek maslahat berilýär. Güýç-gaýratyňyzy, hyjuwyňyzy ownuk-uşak zatlara sarp etmäň. Size gelip gowuşýan habarlara ünsli boluň. Hepdäniň ahyrynda öz gündelik işleriňizi ünsli ýerine ýetiriň. Başgalaryň meselelerini çözmäge wagt sarp etmeli bolmagyňyz mümkin. Siz gowy tejribe toplarsyňyz.

Asyry arka atan

Köýtendagyň jana melhem hoştap howasy, gelenleri güler ýüz bilen garşylaýan myhmansöýer adamlary syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ajaýyp tebigatyň goýnunda ýaşaýan adamlar sagdyn ruhly, berk bedenli bolýarlar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde uzak ýaşy arka atan ynsanlar kän. Şolaryň biri-de etrabyň Garnas geňeşliginde ýaşaýan Joragül Mahmudowadyr. Ýüz ýaşy arka atan bu mähriban ene 1921-nji ýylda etrabyň Bazardepe obasynda dünýä inýär. Ikinji jahan urşunyň edil öň ýanynda ol öz obadaşy Isman Hydyrow bilen maşgala gurýar. Ençeme ynsanlaryň ömür tanapyny gyrkan, ýary ýaryndan, enäni oglundan, perzendi ata mährinden jyda düşüren bu nägehan uruş Isman aga bilen Joragül daýzany hem aýraçylyga sezewar edýär. 1942-nji ýylda Watan goragyna giden Isman aga Russiýanyň Smolensk sebitlerinde gahrymanlarça söweşýär. Adamsyny urşa ugradan Joragül daýza hem bilini berk guşap, ähli adamlar bilen bir hatarda zähmet meýdanynda gijesini gündiz edip işleýär, ekin ekýär, pagta ýygýar, orak orup, döwek döwýär. Aňzakly gyş gijelerinde frontçy esgerler üçin jorapdyr ellik örýär. Urşa gidenleriň sag-aman dolanyp gelmeklerini gije-gündiz dileg edýär. Uruş ýeňiş bilen tamamlanyp, Isman aga hem sag-aman maşgalasyna dolanýar.

Hasabat-saýlaw ýygnagynda

Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň kararyna laýyklykda döwletimiziň degişli edara-kärhanalarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň nobatdaky hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri «Marynebitgazgurluşyk» trestinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi. Hasabat ýygnagynda trestiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň nobatdaky hasabat-saýlaw we kärhananyň iş berijisi bilen işgärleriniň arasyndaky köpçülikleýin şertnamany baglaşmak baradaky meselelere garaldy. Ýygnakda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammet Toýçyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriniň jemleriniň we guramanyň derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.