Başa täçdir eneler

26 Mart 2021
863

Bu dünýädäki iň eziz barlyk enedir. Eneler barlyk zynjyrynyň iň möhüm halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowam bolmazdy.

Ene söýgüsi uly güýçdür. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, Ýer togalagyny ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Ene elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga zada deňäp bolmaz. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, durmuşda ýolumyzy arçaýan, kämil kemala gelmegimize sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeldýän, dünýämizi gözelleşdirýän mukaddeslik enedir.