Hasabat-saýlaw ýygnagynda

26 Mart 2021
786

Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň kararyna laýyklykda döwletimiziň degişli edara-kärhanalarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň nobatdaky hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri «Marynebitgazgurluşyk» trestinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi.

Hasabat ýygnagynda trestiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň nobatdaky hasabat-saýlaw we kärhananyň iş berijisi bilen işgärleriniň arasyndaky köpçülikleýin şertnamany baglaşmak baradaky meselelere garaldy. Ýygnakda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammet Toýçyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriniň jemleriniň we guramanyň derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.