Milli demokratiýanyň möhüm aýratynlygy

26 Mart 2021
855

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ertir geçiriljek saýlawlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny berkitmek bilen, döwlet dolandyrylyşynda halkyň işjeň ornuny pugtalandyryp, milli demokratiýamyzy kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nobatdaky gezek dünýä ýaýar. Gahryman Arkadagymyz häkimiýet bilen halkyň jebisliginde we hemişelik hyzmatdaşlygynda döwrüň öňdebaryjy, ähli ugurlarda okgunly ösýän kuwwatly döwletini gurup boljakdygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz iki palataly ulgama geçmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň milli parlamenti Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, halkymyzyň ählumumy goldawyna daýanyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyrylan bu özgertmeler jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin möhüm şertleri üpjün etmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu maksada ýetmekdäki tagallalaryň rowaçlygy döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleriniň baýlaşmagynda hem-de işjeňleşmeginde mynasyp beýanyny tapar.

Nury MÄMMEDOW.