Rowaýatlara siňen pähimler

26 Mart 2021
1159

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özünde syýasy-jemgyýetçilik many-mazmuny jemlemek bilen birlikde, ol halkyň ýaşaýşynyň umumy kadalaryny, ruhy-ahlak gözelligini hem aýdyň açyp görkezýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» diýen bölüminde ýerleşdirilen çuňňur pelsepeli rowaýatlar-da anyk subutnamadyr. Bölümde «Ýüň saçak» atly rowaýat göwrümi taýdan kiçi bolsa-da, many-mazmuna baýlygy bilen okan her bir okyjyda öz täsirini galdyrýar. «Ýüň saçak» rowaýaty mukaddesliklerimizden söz açýar:

«Ilerden gelýän çeşme bir sebäp bilen kesilýär. Ilat göçmekçi bolýar. Her kim goş-golamyny ýygnap, düýelere ýükleýär. Bir oglan ýanyna enesiniň beren ýalňyz saçagyny alýar. Ondan näme üçin diňe saçagy alandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berýär:

Aýna AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.