HABARLAR

Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy we bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

«Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmagy dünýäde nusga alarlykdyr»

diýip, sebitleýin maslahata gatnaşyjylar biragyzdan bellediler Raýatlyk — adamyň esasy hukuklarynyň biri. Biziň köpimiz üçin bu tebigy bolmaly zat ýaly. Emma Zeminiň çar künjeginde şu ýönekeý, şol bir wagtda-da örän möhüm hukukdan peýdalanyp bilmeýän millionlarça adam ýaşaýar. Olar hemmeler ýaly jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy durmuşyna gatnaşyp bilmeýärler, adam üçin iň zerur ýaşaýyş hyzmatlary olar üçin elýetmez bolmagynda galýar... Diňe şu sananlarymyz hem «Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykdy» diýen habaryň aňyrsynda duran ägirt uly tagallalaryň äheň-ähmiýetini öz-özünden düşnükli etse gerek, megerem. Has anygy, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Şunlukda, «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň tamamlanýan ýylynda biziň ýurdumyz raýatsyzlyk meselesini doly çözmegi başardy. Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine bagyşlanyp geçirilen sebitleýin maslahatda-da, esas

Umumadamzat bähbitli beýik işler

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň tarapdarydygyny aýdyň görkezýär.

Döwletimiziň ynsanperwer ugry

Düýn — 8-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Merkezi Aziýa we sebit döwletleriniň raýatsyzlyk meselelerine ygtyýarly edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä boýunça raýatsyzlygy ýok etmegi maksat edinýän BMG-niň «Men degişli bolýaryn» (#IBELONG) kompaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy boýunça borçlaryny doly ýerine ýetirendigi we şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa) BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň 75-nji sessiýasynda yglan eden raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýansa goşulandygy barada çykyşlar edildi.

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýeten sepgitlerini görkezmek we ýurduň mümkinçiliklerini açmaga gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Daşkentde dostlugyň we döredijiligiň dabarasy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Ýakyn-u-alysdaky dostlukly döwletleriň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alan söz ussadymyzyň şanly ýubileýini dabaralandyrmaga işjeň gatnaşmaklary-da bu hakykaty aýdyň görkezýär. Şunda «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýip, beýik akyldaryň doglan gününiň üç asyrlyk senesini öz ýurdunda baýram edýän özbek doganlarymyzyň bu babatda edýän tagallalary aýratyn nygtalmaga mynasyp. Şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi baradaky habar hakyky dost-doganlygyň, halkymyzyň ussat söz ägirdine çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup kalbymyza dolupdy. Şol Karara laýyklykda, bütin ýylyň dowamynda özbek topragynda edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Öňňin — 6-njy noýabrda Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki ul

TULM Türkiýeden Owganystana gumanitar kömek ýüklerini ugratmagy dowam edýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar. Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.

Türkmenistan Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler. CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Çäräniň esasy üns merkezi “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatlara gönükdirilendir. Ol “akylly” ulag; öňdebaryjy önümçilik; ýaşyl oba hojalygy; arassa energetika; sanly tehnologiýalar; sagdyn ýaşaýyş durmuşy ýaly esasy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen.