Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-nyň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG – bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr. BMG-nyň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ýagny, ÝUNESKO bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saz-sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümler, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir. Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň ahyrynda türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi raýatlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.